Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

  • 11.03.2025 00:22
  • 6.4k+

10-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimler we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça  degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, şeýle hem ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Mundan başga-da, ýazky bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.  
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy,  Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutup, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, welaýatlarda  degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, şeýle hem ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......