Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 25.02.2025 00:08
  • 10k+

24-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi. Oňa wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de galla önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda  tekizleýiş, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer we suw ýaly tebigy serişdelerden  netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.   
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek  boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......