Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 07.01.2025 09:04
  • 8.7k+

6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde fosfor döküni bilen gurplandyryş, sürüm, tekizleýiş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişi möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, tehnikalardyr gurallary ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagyň, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine çenli ýerleri we tohumlary häzirden taýýarlamagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......