Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 01.10.2024 11:35
  • 8.2k+

30-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri hem-de wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Ýurdumyzda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň guramaçylyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda güýzlük ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......