Serdar Berdimuhamedow galla oragynda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy

  • 21.05.2024 11:23
  • 9k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, pagtaçy daýhanlar tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleriň görülmegini wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......