2024-nji ýylda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler

  • 10.02.2024 08:35
  • 13k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň düýp nahallaryny oturtmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 

  • ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
  • welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini, ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we üç ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şolaryň ekilişine hem-de ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......