Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 05.02.2024 21:59
  • 12k+

5-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine öňümizdäki jogapkärli ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.

Iş maslahatynyň barşynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.  
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda  sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Pagta öndürijileri ekişde ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 
Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny, olaryň ekiljek meýdanlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 
Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini  gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......