Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirliklerinde iş maslahatyny geçirdi

  • 05.01.2024 01:21
  • 9.4k+

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek iş maslahatynyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. 
Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) hem-de ştab kwartirasy Dubaýda ýerleşýän «Dragon oil» kompaniýasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin täze ylalaşyklary gazanmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek meselesiniň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny belläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de “Gündogar-Günbatar”  we “Demirgazyk-Günorta”  ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. 
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda howa ýollaryny yzygiderli ösdürýär. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we «Dubaý awiasiýa korporasiýasy» kompaniýasynyň (Fly Dubai) arasynda hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde Aşgabat – Dubaý - Aşgabat gatnawynyň ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. 5-nji ýanwarda bolsa, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat gatnawy boýunça ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny ünsi çekip, degişli işleri geçirmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň üstüniň täze çözgütler bilen ýetirilmelidigi hem-de sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......