Serdar Berdimuhamedow galla oragyny gysga wagtda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi

  • 13.06.2023 15:12
  • 12k+

Serdar Berdimuhamedow şu günler ýurdumyzda dowam edýän galla oragyny ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada döwlet Baştutany 12-nji iýunda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda belledi.

Maslahatyň barşynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Welaýat häkimleri hem-de wise-premýer A.Ýazmyradow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragy möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunda kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanynyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de galla oragynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......