Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 02.05.2023 00:27
  • 12k+

1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we wise-premýer R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.  
Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......