Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 07.03.2023 10:21
  • 8k+

6-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahata şeýle hem obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda häkimler häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamdow hasabatlary diňläp, işleriň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we häkimlere welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny talabalaýyk geçirmek, bu ugurda suwaryş suwunyň üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, ýazlyk ekinleriň ekişini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Maslahatyň barşynda Serdar Berdimuhamedow şeýle hem welaýatlaryň häkimleriniň welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....