Sankt-Peterburgda GDA Liderleriniň resmi däl sammiti badalga alýar

  • 26.12.2022 15:21
  • 9.1k+

Şu gün Sankt-Peterburgda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Liderleri Täze ýylyň öňüsyrasynda däp bolan resmi däl sammite ýygnanarlar. Duşuşyk 2 günläp dowam eder. Kremliň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy boýunça geçiriler.

Öň habar berlişi ýaly, sammitiň üns merkezinde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşylar. Döwlet Baştutanlary geçip barýan ýylyň esasy jemlerini jemlärler we özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşarlar.
Duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Ermenistanyň premýer-ministri gatnaşar.
Belläp geçsek, GDA Liderleriniň mundan öňki resmi däl sammiti Peterburgda 7-nji oktýabrda geçirilipdi.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......