Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Başlangyjy;
- 2-nji bölüm;
- 3-nji bölüm;
- 4-nji bölüm;
- 5-nji bölüm;
- 6-njy bölüm;
- 7-nji bölüm;
- 8-nji bölüm;
- 9-njy bölüm;
- 10-njy bölüm;
- 11-nji bölüm;
- 12-nji bölüm;
- 13-nji bölüm;
- 14-nji bölüm;
- 15-nji bölüm;
- 16-njy bölüm;
- 17-nji bölüm;
- 18-nji bölüm;
- 19-njy bölüm;
- 20-nji bölüm;
- 21-nji bölüm;
- 22-nji bölüm;
- 23-nji bölüm;
- 24-nji bölüm;
- 25-nji bölüm;
- 26-njy bölüm;
- 27-nji bölüm;
- 28-nji bölüm
Ýaş ýigit ýandepderçesini hemem galamyny çykardy-da, ýazmaga häzirlendi.
— Adamyň üstünliginde erjellige kembaha garalýar — diýip, jenap Ijli sözüni dowam etdi. — Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň otuz dördünji prezidenti Kelwin Kulij şeýle diýýär:
«Erjellik hem gaýduwsyzlyk uly güýçdir,
oňa taý geljek hiç bir zat ýokdur.
Ony zehin bilenem çalşyp bolanok —
işi şowuna düşmedik zehinler gaty kän.
Ony danalyk bilenem çalşyp bolanok —
tanalmaýan danalar ähli ýerde bar.
Diňe bilimli bolanyňam ýeterlik däl —
bilimli sumaklar sanardan gaty kän».
Üstünlige ýeten adamlaryň beýlekilerden iň möhüm aýratynlygy — ol isle baýlyk bolsun, isle öňdebaryjylyk — olar erjellik görkezýär, olar hiç wagt boýun egenok. Olar bir zatlar bilen çaknyşsalaram ýa-da beýlekiler ýüz dönderse-de, hiç wagt yza çekilenoklar. Olar näme isleýändiklerini bilýär hemem tä ýetýänçä, öz maksatlarynyň yzy bilen gidýärler.
Adamzat döräli bäri, kim ullakan baýlyga eýe bolan bolsa, olaryň aglabasy muňa erjelligiň üsti bilen ýetendir.
«Täze bir zat öndürjek bolýaňyz» diýip göz öňüne getiriň. Muny ýasamak üçin näçe gezek synanyşyk edersiňiz? Ýüzmi? Müňmi? Iki müňmi? Belki, bäş müňdir?
Ýaş ýigit eginlerini gysdy.
— Ähli döwrüň iň şowly oýlap tapyjylarynyň biri Tomas Edison — diýip, jenap Ijli sözüni dowam etdi, — ol ilkinji elektrik çyrasyny döretjek bolup, on müň gezek synanyşyk edipdir. Eger ol erjellik görkezmedik bolsa, biz häzire çenli ýagty çyranyň aşagynda oturmazdyk.
Ýa-da özüňizi rok toparynyň agzasy hasaplaň. Aýdym-saz kompaniýasy siziň sazyňyzy näçe gezek ýazmakdan boýun towlandan soň, işiňizi bes edersiňiz? Bäş? On? Belki, ýigrimi gezek?
— Meniň pikirimçe, ýigrimi gezekden soň bes ederdim — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy.
— Görýäňizmi, ýöne bir topar boýun bolmandyr. Eger olar boýun bolan bolsady, onda öz döwrüniň iň öňdebaryjy rok topary bolmazdy. Sebäbi Bitlz ilkinji ýazgylary üçin şertnama baglaşýança, elli sany kompaniýa boýun gaçyrypdyr.
Bu bolsa soňky mysal. Ullakan döwlet işgäri bolmagy arzuw edýän ýaş ýigidi göz öňüne getiriň. Edýän tagallalaryna garamazdan, ol otuz iki ýaşynda hiç zatsyz galýar. Otuz bäş ýaşynda söýgüli aýaly ýogalýar hemem aradan bir ýyl geçenden soň, beýni bozulma keseline sezewar bolýar. Ol soňky ýyllaram yzly-yzyna iki gezek saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolýar. Aýtsaňyzlaň, ol bu işden haçan el çekmeli?
— Bilmedim, ýöne, görnüşine görä, ol adamdan hiç wagt uly döwlet ýolbaşçysy çykmaz.
Jenap Ijli ýylgyrdy.
— Meniň aýdýan adamym Awraam Linkoln.
Ýaş ýigit ýandepderçesine bir zatlar belledi.
— Men bular ýaly ýokary galan adamyň haçanda birwagt ýeňlişe sezewar bolanyny ýa-da ýüz dönderlenini bilmändirin.
— Elbetde. Hakykatda, üstünlige ýeten adamlar hut şol sebäpli hem üstünlige ýetýär.
Ýandepderçesine ýene bir zatlar belläp, ýaş ýigit ýylgyrdy.
— Ýöne men bir zada düşünemok — diýip, ol aýtdy, — siziň aýtmakçy bolýan zadyňyz — biz yzly-yzyna şowsuzlyga duçar bolsagam, ahyry-soňy ýeňşe ýeteris diýmekçi bolýaňyzmy?
— Hawa. Köplenç şeýle bolýar — diýip, jenap Ijli jogap berdi, — sebäbi biz ýalňyşlarymyzdan sapak alýarys. Tomas Edison çyra ýasamak üçin şol bir zady on müň gezek gaýtalamandyr, ol her gezek onuň bir zadyny üýtgedip durupdyr.
— Erjellik adamda çagalygyndan bar — diýip, jenap Ijli sözüni dowam etdi. — Meselem, ýaňy ýörjen-ýörjen bolmany öwrenen çaganyň ilki-ilkiler ýykylyp, soňra ýöremäni öwrenýändigini gören bolsaňyz gerek.
— Beýle bolsa adam näme üçin erjelligini ýitirýär? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi.
— Adam käwagtlar şowsuzlyklardan ýa-da ýüz dönmelerden gorkýar. Käwagtlar biz özümize bolan ynamymyzy ýitirýäris. Netijede bolsa, esasy zady — şowsuzlygyň hemem ýüz döndermeleriň şowlulygyň esasy düzümidigini unudýarys. Hakykatda, adam näçe şowsuzlyga ýa-da ýüz döndermä duçar bolsa, ol şonça-da üstülige ýetýär.
— Düşünemok — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Bu nähili beýle bolýar?
— Sebäbi şowsuzlykdyr ýüz döndermeler şowlulyga eltýän merdiwanyň basgançaklarydyr. Biz öz ýalňyşlarymyzdan sapak alýarys, netijede bolsa maksadymyza golaýlaşýarys. Jorj Bernard Şou hut şunuň ýaly hereket edipdir. Ol şeýle diýýär: «Ýaş wagtym on işimiň dokuzysynyň ýalňyşdygyna göz ýetirdim. Men şowsuzlyga sezewar bolasym gelmedi, şonuň üçinem on esse artyk ugraşdym».
— Öz saýlan ugrundan üstünlige ýeten islendik adamy alyp göräýiň — diýip, jenap Ijli sözüni dowam etdi, — ol üstünlige ýetmezden ozal, gaty kän şowsuzlygy, ýüz döndermeleri başdan geçirendir.
Men erjelligiň möhümdigine düşünen çagym, ady belli artistlig-ä beýlede dursun, nähilidir bir keşp almaklyk baradaky umydymam ýitiripdim. Ýöne, eger üstülige ýetmek islesem, synanyşygymy dowam etmelidigime düşündim. Men özüme hemem ukyp-başarnygyma ynanýardym. Aýdyň maksadym, oýlanyşykly düzülen meýilnamam bardy, şonuň üçinem tä iş tapýançam — dokuz aýlap — bir ýerde durmadym.
— Hiç hili netije gazanman, elmydama şowsuzlyga düşseň, erjellik görkezmek gaty kyn bolýar — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Munuň aňsatdygyny hiç kim aýdanok — diýip, jenap Ijli dowam etdi. — Bu aňsat bolsa, muny islendik adam başarardy. Üstülige ýetýänleriň beýlekilerden tapawudy hem şunda, üstünlige ýetmek isleýän adam muny şowsuzlyk hasaplanok, bu ýöne onuň üçin durmuş sapagy.
— O nähili?
— Eger-de siz garaşylan netijä ýetip bilmeseňiz, muny sapak edinip, täzeden synanyşjakdygyňyz ikuçsyz. Ol her näme bolsa bolubersin, hakykatda, ýalňyşyp, ondan sapak alyp bilýän adam üstülige ýetýändir, başga hili ýol ýok.
Teodor Ruzwelt bu pikiri şeýle beýan edipdir:
Pukara adamlar bilen deň bolandan örän uly işlerde utan ýa-da utduran ýagşy, sebäbi olar uly ýeňişlerem, uly gaýgy-hasratlaram bilenoklar, olar ýeňşiň hemem ýeňlişiň bolmaýan ýeri bolan alagaraňkylykda ýaşaýarlar.
(dowamy bar).