Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (16-njy bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (16-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Ol maňa üstünlige ýetmäge gaýdusyzlyk berdi — diýip, jenap Kammings jogap berdi. — Eger siz öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmegi tutuş kalbyňyz bilen islemeseňiz, onda durmuşda hiç hili netijeli zat gazanmarsyňyz, sebäbi üstünlige ýetmek üçin gujur-gaýrat, tagalla gerek, üstüňe alan borjuňa tarap hereket gerek. Meniň hemişe gowy ýaşasym gelýärdi, ýöne işimi ýitirenimden soň, diňe bir baýamak däl, juda baý bolmagy özüme we beýlekilere subut etmek islegi tutuş süňňümi gurşap aldy. Adamlar meniň bu zatlary täzeden başlardan gaty garrydygymy, bu işe başlamagyň samsyklykdygyny hemem galanja zatlarymy netijeli ulansam gowy boljakdygyny aýtdylar.

Ýöne men olaryň aýdanlarynyň diňe birine gulak asdym, elimdäki zady netijeli ulandym.

— Siziň eliňizde näme bardy? — diýip, ýaş ýigit sorady.

— Gyzardylan kartoşkanyň bişiriliş usuly — diýip, jenap Kammings batly jogap berdi.

— Oýun edýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Kartoşkanyň bişiriliş usulynyň muňa näme dahyly bar?

Jenap Kammings ýylgyrdy.

— Men onuň restoranlardyr kafelere haýrynyň degjeginiň pikirini etdim. Sebäbi öz kartoşkamyň adamlaryň arasynda gowy görülýändigini bilýärdim — bu restoranyma gelip iýen ähli adama ýaraýardy — şonuň üçinem onuň bişiriliş ulusyny satmagy synanyşmak maksady bilen ýurdumyza aýlanyp ugradym. Men ondan gelýän girdeýjileriň belli bir bölegini almak şerti bilen, ony restoranlara mugtuna teklip etdim, ýöne restoranyň dolandyryjylaryň köpüsi ýüzüme bakyp gülýärdi.

«Bize seniň bişiriliş usulyň nämä geregi bar? — diýip, olar aýdýardy. — Biziň öz usulymyz bar».

«Ýöne meniň üýtgeşik usulym bar» diýip, men garşy çykýardym.

Olaryň köpüsi meniň bişiren kartoşkamy hatda datjagam bolmady, ýöne men aýak diredim, sebäbi mende adamyny bütinleý gurşap alýan isleg bardy, meniň üstünlige ýetesim gelýärdi. Kimdir biri meniň bişiriş usulymy ulanyp görmäge razy bolýança, men müňdenem gowrak restorana aýlanyp çykdym. Üç ýyldan soň meniň elimde bäş sany şertnamam bardy, soňky dört ýylda bolsa men öz işimiň hojaýyny bolup, bu meni multimillioner etdi. Meniň ýaşym ýetmişe golaýlapdy, ýöne bu maňa başartdy. Şonuň üçinem, görşüň ýaly, garry hytaýly mamla, ýangyç guýýan bekedimi ýitirmegim — meniň durmuşymyň iň gowy wakasy.

— Goýsaňyzlaň, bar zat şunuň ýaly boldumy? — diýip, ýaş ýigit ynamsyzlyk edip gülümsiredi.

— Size Çarlz Dikkensiň täze ýyl hekaýalaryny okamak miýesser etdimi — diýip, jenap Kammings sorady.

— Hawa — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.

— Skrujy ýoluny üýtgetmäge näme mejbur edýär?

— Geçmişiň, häzirki wagtyň hemem geljegiň täze ýyl arwahlary — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.

— Munyň dogry, ýöne olar ony nädip edýär?

— Ä-ä… eger üýtgemese, olar onuň nähili güne düşjegini görkezýär — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.

— Gaty dogry. Geçmişiň arwahy onuň nähili kynçylyklary başyndan geçirendigini, häzirki zamanyň arwahy onuň häzirki çekýän jebirlerini, geljegiň arwahy bolsa, eger üýtgemese, bu kynçylyklaryň geljekde-de ýüze çykjakdygyny görkezýär. Netijede, Skruj oýanýar-da, özüniň diridigine göz ýetirýär hemem özüni, durmuşyny üýtgetmegi ýüregine düwýär.

Şo sebäpli durmuşymyzy üýtgetmek isleýän bolsak — isle ol malie ýagdaýy bolsun, isle wezipe ýa-da adamlar bilen aragatnaşyk — biz şol üç arwahyň ýörelgesinden peýdalanmaly. Eger hiç zady üýtgetmesek, onda özümize nähili kynçylyklaryň garaşýandygyna hemem üýtgän ýagdaýymyzda ajaýyp günlerde ýaşajakdygymyza düşünmeli. Bu durmuşyňy üýtgetmegiň ýeke-täk usuly.

Täze ýyl arwahlarynyň ýörelgesini ulanmak bilen biz şol islegi özümizde döredip bileris. Bu ýönekeý zat, ol dört sany zady öz içine alýar. Birinjiden, geçmişdäki kynçylyklaryňyzy ýatlaň. Eger ol malie meseleleri barada bolup, puluňyzyň köpelmegini isleýän bolsaňyz, onda bir zady satyn alasyňyz gelen pursadyny, ýöne oňa mümkinçiligiňiziň bolmandygyny ýatlaň.

Ýaş ýigidiň göz öňünden başyndan geçiren zatlary geçip ugrady: beýleki oglanlar gowy geýnen bolsa, mümkinçiligi bolmanlygy sebäpli köne geýimleri geýendigini, onuň üçin bolsa üstünden gülüp, gaharyny getirendiklerini, kollejde okaýarka pulsuzlyk sebäpli dostlary bilen wagtyny geçirip bilmändigini, äkider ýaly ulagy bolmany üçin özüne ýaran sary saçly gyzy hiç ýere çagyryp bilmändigini ýatlady. Ýöne iň agyryly ýeri — ejesine diş lukmanynyň kömegi gerek bolupdy, ýöne örän gymmat bolansoň, tölemäge mümkinçiligi bolmandy. Puluň bolmazlygy geçmişde oňa gaty kän ejir beripdi. 

(dowamy bar).