Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (13-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (13-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm, 9-njy bölüm, 10-njy bölüm, 11-nji bölüm, 12-nji bölüm

 

Ýaş ýigit ýandepderçesine ýene-de bir zatlar ýazyşdyrdy. Jenap Epplbi sözüni dowam etdi:
— Özümizi ynandyrmagyň kömegi bilen biz pula we baýlyga bolan garaýşymyzy üýtgetmeli, özümizde gowy pikirler döretmeli. Birinjiden, köne, ters ynançlarymyzy düýpgöter üýtgetmeli. «Pul mellekde gögerenok» diýip, onuň öýümize myhmandygyny aýtmagyň ýerine: «Dogry, pul mellekde gögerenok, ýöne ol meniň aladadyr tagallalarymyň netijesinde ösüp boý alar», «Pul bagt getirenok» diýmegiň ýerine: «Belki, puluň bagt getirmeýän bolmagy mümkin, ýöne onuň ýoklugy ýagdaýy hasam kynlaşdyrýar» ýa-da «Belanyň körügi pulda» diýmegiň ýerine: «Belanyň körügi pulda däl-de, pula bolan söýgüde» diýseňiz ýerine düşer.
Mundan başga-da, «Baýlyk adama güýç, azatlyk, ynam berýär» ýa-da «Meniň ägirt uly baýlygy döretmäge ýagdaýym bar» diýen ýaly öz ýagşy pikirleriňizem goşuň. Şeýtmek bilen siz hem-ä özüňizi hemem puldyr baýlyga bolan aň asty aňyňyzyň ynanjyny üýtgedip ugrarsyňyz.
Ýaş ýigit ýandepderçesinden ünsüni sowup, gürrüňdeşine äňetdi.
— Siz zatlary günüň haýsy wagtlary edýäňiz?
— Ýagdaýyny tapsam, günüň islendik çagy — diýip, jenap Epplbi jogap berdi. — Ýöne azyndan günde üç gezek — bir gezek oýanan çagym, bir gezek günüň dowamynda, ýene bir gezegem uklamazdan öň.
Ýaş ýigit hiç zady ýatdan çykarmazlyk üçin eşiden zatlaryny ýandepderçesine yhlas bilen belledi.
— Siziň edýän işleriňiz köplenç ynanýan zatlaryňyza bagly bolýar — diýip, jenap Epplbi sözüni dowam etdi-de, iş stolunyň üstündäki daşyna çarçuwa tutulan ýazgyny görkezdi, onda şu sözler bardy:

Urularyn öýdýän bolsaňyz, urularsyňyz.
Gülmerin öýdýän bolsaňyz, gülmersiňiz.
Ýeňmek isläp, ýeňjegiňize ynanmasaňyz,
Bilip goýuň, hiç wagt ýeňmersiňiz.
Utularyn öýdýän bolsaňyz, utularsyňyz,
Yzdadyryn öýdýän bolsaňyz, yzdasyňyz.
Sebäbi dünýäň ýüzündäki üstünliklere,
Adam diňe erjelligi bilen ýetmegi başarýar.
Ýokary galasyňyz gelse, pikiriňiz uly bolsun.
Ýeňmezden ozal özüňize ynamyňyz bolsun.
Durmuşda güýçlülik, çalasynlyk hökman däl,
Ýeňjegine ynanýan adam, ýeňmegi başarýar.

— Bu goşgy meni ruhlandyrdy — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Muny ýazyp alsam garşy bolasyňyz ýok-la?
— Baş üstüne — diýip, jenap Epplbi ýylgyrdy. — Meniň pikirimçe, Ralf Uold Emersonyň aýdan sözleri size ýararmyka diýýän — diýip, ol kiçijik dörtburç kagyzjygy uzadyp durşuna aýtdy. — Men muny hemişe ýanymda göterýän, bu meniň özümi ynandyrýan ilkinji sözlerim, bu maňa nämelere ýetip boljakdygyny ýatladýar.
Kagyzyň beýleki tarapynda şu sözler bardy:
«Ýeňjegine ynanýan adam, hökman ýeňýändir!»

(dowamy bar)