Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (8-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (8-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm

Birinji syr
AŇASTY AŇYŇ YNANJYNYŇ GÜÝJI

Ýaş ýigit öýüne gelenden soň, garry hytaýlynyň sanawundaky ýat adamlara nädip jaň etjekdigi barada oýlanyp, bir salym ýaýdanyp durdy. Ýöne alada edere zat bolmady, sebäbi hemmelere garry hytaýly hemem Hakyky Baýlygyň syrlary äşgärdi. Bu zatlardan başga-da, onuň jaňy hemmelerde uly şatlyk döretdi. Ol ýakyn günlerde olaryň her biri bilen duşuşjakdygy barada şertleşdi.
Sanawyň başynda Riçard Epplbi diýen adamyň ady bardy. Işlidigine garamazdan, jenap Epplbi ertir sagat bäşde höwes bilen duşuşmaga razy boldy.
Jenap Epplbi penthauzda, iň ajaýyp etraplaryň birinde ýaşaýardy. Onuň myhman jaýyna giren ýaş ýigit ýaşyp barýan gün şöhlesindäki şäheriň keşbine maýyl boldy. Otagyň tutuş günbatar diwaryny dört gabsaly penjire tutup, o taýdan şäher gaty owadan görünýärdi. Altyn çaýylan gün göz ýetimdäki jaýlary, köçäniň çyralaryny, ulag akymlaryny öz şöhlesine büräpdi.
— Haýran galmaly, munuň owadandygyny — diýip, ýaş ýigit uly şatlyk bilen aýtdy. — Men şäheriň bular ýaly keşbini hiç wagt görmändim.
— Dogrudanam? — diýip, jenap Epplbi ýylgyrdy. — Hut şu sebäpli hem men şu jaýy satyn aldym. Günüň islendik wagty bärde oturyp, isleýşiňçe şäheri synlap bolýar.
Ýaş ýigit gürrüňdeşini üns bilen synlady. Onuň, takmynan, elli töweregi ýaşy, orta boýy, sagdyn göwresi, agymtyl sary saçlary hemem açyk gök gözleri bardy. Egninde kaşaň geýimleri bolsa-da, harsalrak saklanylypdyr. Onuň aýagynda pagtadan tikilen goňras reňkli jalbary, egninde bolsa ýakasy açylan ak köýnegi bardy.
— Diýmek, sizi Hakyky Baýlygyň syrlary gyzyklandyrýar-da? — diýip, ýaş ýigit oturan badyna ol gürrüňe başlady.

(dowamy bar).