Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (6-njy bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (6-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm

Bularyň öňünden kiçiräk jeňňel çykdy. Agaçlar pyntyk ýarypdy, olaryň reňkinden çen tutsaň bahym güllejekdigi bildirýärdi. Ýaş ýigit söze başlamazdan ozal, ara birsalym dym-dyrslyk düşdi.
— Ýöne pul durmuşyňy bezäp biler — diýip, ol aýtdy.
— Eger ony akylly-başly ulansaň, hawa, bezäp biler — diýip, goja tassyklady. — Ýöne adamlaryň aglabasynda: «Pul ähli meseläni çözýär» diýen düşünje bar.
— Men öz meselelerimi çözýänçäm gaty kän wagt geçjek — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy.
— Sen şonuň ýaly pikir edip bilersiň, ýöne maňa ynanaý, bu beýle däl — diýip, garry hytaýly köp manyly jogap berdi.
Onuň sözi ýaş ýigidiň ganyny gyzdyrdy. Bu adam onuň meseleleri barada näme bilýär? Ýöne ol närazylygyny bildirip ýetişmänkä, garry sözüni dowam etdi:
— Eger million funt utsaň, näme edersiň?
— Bergilerimi tölärin.
— Onsoň?
— Bir zat aýtmak kyn. Ilki bilen, oturylyşyk edip, ýakyn garyndaşlarymy, dost-ýarlarymy çagyraryn. Soňra howdanly, tennis oýnalýan meýdançaly täze jaý satyn alaryn, ulagymy, telewizorymy, mebelimi täzelärin. Soňra maşgalamy dynç alyşa äkidip, puluň bir bölegini mätäç dostlaryma paýlaryn.
— Soň näme? — diýip, garry gaýtalady.
— Bilmedim — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy. — Bu barada entek oýlanmandyryn.
— Sen häzir edil özüň ýaly adamlaryň gürrüňini gaýtalaýaň. Olaram günleriň bir güni baýamak isleýär, ýöne olaryň hiç wagt hakyky baýlyga ýetmejekdigi, jogaplarynda gizlenip ýatyr.
— Siz nämäni göz öňünde tutýaňyz — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni böldi. — Lotereýde utup, bir gijäniň içinde millioner bolýan adamlar bar ahyry.
— Bu dogrudanam şeýle, ýöne olaryň baýlygy köplenç wagtlaýyn. Olaryň köpüsi edil lotereý alan günündäkisi ýaly kör-köpüksiz dünýeden ötýär.
Ýaş ýigit ynamsyzlyk bilen başyny ýaýkady.
— Bu şeýle — diýip, goja sözüni tassyklady. — Olaryň näme üçin ýene garyp güne düşýänini bilýäňmi? Sebäbi olar baýamanam, baýlygy dolandyrmanam bilenoklar. Netijede, tötänden baýlyga duşuşlary ýaly, dessine-de ýitirýärler. Olar owadan ösümlige eýe bolan adamlara meňzeýär, olarda ösümligi nädip ösdürip ýetişdirmelidigi barada düşünje ýok. Boý almak üçin nähili toprak gerek, nähili howa gerek, näçeräk suw gerek, haýsy mör-möjeklerden goramaly — hiç zady bilenoklar. Olar belli bir wagt onuň miwesiniň hözürini görmekleri mümkin, ýöne ösümlik gaty bahym keselläp, iň soňunda bolsa gurar.
Ýöne ösümligiň tebigatyny öwrenen adam oňa näme gerekdigine düşünýär. Ol tohumdan çykyp, şineläp ugran dessine, onuň aladasyny edip ugraýar, şonuň üçinem ol ony isledigiçe ösdürip ýetişdirýär.
Baýlyk hem şol ösümlik ýaly bir zat. Ähli kişiň ony döretmäge güýji bar, ýöne ony ulaltmagyň hemem peýdalanmagyň syrlaryny bilenoklar.

(Dowamy bar).