Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (2-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (2-nji bölüm)

Dowamy. Başlangyjy şu salgydan okap bilersiňiz.

SEÝIL BAGDAKY GEZELENÇ

Ýaş ýigit birinji fewral güni daňdan sagat altyda öýünden çykanda, howa sowuk we garaňkydy, ýöne adatdakylaryndan sowugam, garaňkam däldi. Köçelerde çyralar ýanyp, entek az hem bolsa ulaglaryň akymy görünýärdi. Ýaňy-ýaňylaram ýaş ýigidi sekizden öň turuzjak gümanyň ýokdy, ýöne soňky birnäçe aý ol özünde nähilidir bir galagolpluk duýup, özüni birahat duýýardy. 

Ol köçe bilen ýokarlygyna — seýil baga tarap ugrady. Säher bilen öýkeniňi we kelläňi arassalamak üçin bir salym bagda gezelenç etmek oňa kakasyndan galan endikdi. «Gün dogmanka gezim etmäge çykýarsyň welin, hamala bu zatlary perişdeler pyşyrdaýan ýaly kelläňe täze pikirler gelip ruhlananyňy, erkine goýmaýan köne meseleleriňe çözgüt tapanyňy özüňem duýman galýarsyň» diýip, kakasy gaýtalamany gowy görerdi.

Ýöne iki hepde bäri her gün ir bilen gezelenje çykýanam bolsa, ol hiç bir perişdäniň pyşyrdysyny eşitmedi, hiç zat ruhlandyrmady, gününe goýmaýan aladalaryndan dynyp bilmedi.

Ol ullakan öýleriň duşundan geçip ugranda, «Şular ýaly öýlerde ýaşamak üçin ýeterlik puluň bolsa, nähili oňat bolardy» diýip göwün ýüwürtdi. Ol şunuň ýaly ullakan jaýlaryň birini satyn alyp bilse, armany ýokdy. Ol özüni şu öýleriň birinde ýaşaýan ýaly, giň ýagty jaýda dynç alyşyny, garyndaşlaryny, dost ýarlaryny myhmançylyga çagyryşyny hemem güneşli howada bagda dynç alyşyny göz öňüne getirdi.

Ýöne soňky öýüň deňinden geçip, seýil bagyň gapysyna golaýlanda, arzuwlaryndan açylyp, özüne geldi. Eger lotereýde utaýmasa, ol bular ýaly öý edinmeg-ä beýlede dursun, onuň ýary ýaly öý hem hiç wagt satyn alyp biljek däldi. Ol öňem, häzirem puluň yzynda ser-sepildi, geljekde-de gezjekdigi ikuçsyzdy.

Ýaş ýigit seýil baga girdi-de, ädimini çaltlandyryp, ylgaw ýodasyna tarap ugrady. Ol ýöräp barşyna ýakymsyz pikirlerinden aýňalyp bilenokdy. Men näme üçin baý maşgalada dogulmadym? Näme üçin ykbalym maňa gülüp bakanok? Näme üçin maňa beýlekilere berilýän mümkinçilik berilenok?

Ýaş ýigidiň durmuşy beýleki adamlaryňkydan tapawutlananokdy. Çykdaýjylary alýan aýlygyndan kändi. Ol haýsy ýanyna öwrülse, tölenmeli puluň hasabyny görerdi. Haýsydyr bir ýol bilen — muny diňe hudaý bilýär — ol muňa hötde gelerdi, ýöne artdyran zady bolmazdy. Soňky birnäçe aý ol zatlaryny tygşytly tutup ugrady, şeýlede bolsa tölenmeli puluň yzyndan zordan ýetýärdi. Göwnüne bolmasa, iş sagady uzan ýaly, alýan haky bolsa azalan ýalydy. Indi ol arzuw edýän zatlaryna ýetmeg-ä beýlede dursun, ertir nämäniň boljagyny hem göz öňüne getirip bilenokdy.

Bir wagtlar ol ýazyjy bolmagy arzuw ederdi, maşgalasy bilen ullakan jaýda ýaşasy gelýärdi, ýöne häzirki pursatda arzuwlaryny nähili ýol bilen amala aşjakdygyny göz öňüne getirmegem kyndy. Indi ol bu zatlaryň boljagyna ýüreginiň jümmüşinde ynananokdy. Biraz ýaş bolan bolsa, belki, ýüregine bire baglap, kärini üýtgetse-de üýtgederdi, ýöne häzir tölenmeli puluň aşagyndan zordan çykýarka, ýüregedüşgünç işini taşlamaga ýürek edip biljek däldi.

Ol gapana düşüpdi, sebäbi, bir tarapdan, alýan aýlygy bilen zordan güzeranyny aýlasa, beýleki tarapdan, bu iş onda hiç hili ruhubelentlik döredenokdy. Işdeş ýoldaşlarynyňam köpüsiniň ýagdaýy şeýledi, göwnüçökgün halda ýaşap, edýän işleri bilen seri ýokdy. Olar üçin iş — günüňi dolamak üçin serişdedi.

Ýyllaryň geçmegi bilen ýaş ýigit özüniň ýaşlyk döwrüniň umytdyr arzuwlaryndan boýun towlamaly boldy. Indi onuň umyt edýän ýeke-täk zady — mümkinçilige görä ýaşamakdy. Seýil bagyň içinden ýöräp barýarka, ol perişdeleriň gulagyna bir zatlar pyşyrdanyny — eger olar bar bolsa — hemem haçan-da bir wagt ykbalyny üýtgedenini arzuw etdi.

Ýigit ýöräp barşyna şeýlebir pikire batypdy welin, Günüň nädip doganynam, gündogardaky agaçlaryň uçlarynyň nädip ýagtylananynam, guşlaryň saýrap ugranynam, ýanyndan bir adamyň ýöräp barýanynam duýman galdy.

(Dowamy bar...)