Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (4-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (4-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm

 

— Bilmedim — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Men soraga däl-de, jogaba mätäç.
— Ýöne sen dogry jogap gözleýän bolsaň — diýip, garry sözüni dowam etdi, — ilki bilen, dogry sorag bermäni başar. Injilde şeýle diýilýär: bagyşlasaňyz — bagyşlanarsyňyz, gözleseňiz — taparsyňyz.
— Bu gaty gowy aýdylan söz, ýöne durmuşda beýle däl.
— Nireden bilýäň? Bolmanda, haçan-da bir wagt, bu barada synanyp gördüňmi? — diýip, garry sözüni dowam etdi. Belki, durmuş seň pikir edişiňden has ýönekeýdir.
— Meniň üçin-ä şeýlebir ýönekeý däl — diýip, ýaş ýigit aýtdy. Her zadyň başyna barsamam, hiç ugrugyp gidenok. Men ähli zady synap gördüm, ýöne, göwnüme bolmasa, başa barmaýan ýaly.
— Meseläni çözmegiň altyn düzgüniniň bardygyny unutma — diýip, hytaýly aýtdy.
— O nähili düzgün?
— Ähli mümkinçiligi ulanandyryn öýden çagyň… munuň beýle däldigini unutma!
— Bu diýýäniň gowy zat, ýöne men ýene näme etmelidigine düşünemok — diýip, ýaş ýigit boýun aldy. — Men hiç wagt baý bolup görmedim, ähtimal baýarynam öýdemok. Görnüşine görä, baýlyga eltýän zat mende ýok öýdýän. 
— Seni baýlyga eltjek näme ýok? — diýip, garry sorag berdi.
— Bilmedim. Pul gazanmak üçin ilki maýa gerek.
— Seni beýle pikirlenmäge näme mejbur edýär? Sen Aristotel Onasis işe başlanda jübüsindäki puluň 200 dollardanam azdygyny bilýäňmi? Onuň baý garyndaşam, hatda ýokary bilimem bolmandyr, bu zatlara garamazdan, ol dünýede ýaşap geçen iň baý adamlaryň birine öwrülipdir.
Ýaş ýigit eginlerini gysdy.
— Belki, onuňky şowuna bolandyr. 
— Baýlaryň aglabasy işine azajyk pul ýa-da hiç hili pulsuz başlaýar. Anita Roddik öz kosmetika kompaniýasyny ulaglara kosmetika oýlap tapmak arkaly başlaýar. Bill Geýts dünýäniň iň baý adamlaryň biri, ol öz baýlygyny kompýuter önümçiligine täzelik girizmek arkaly toplaýar. Entoni Robbins meşhur ýazyjy hemem «Şahsy ösüş» jemgyýetiniň baştutanlarynyň biri. Bir gezek ol düýbünden tozup, kiçijik otagda ýaşamaly bolýar, şeýle-de bolsa bir ýylyň içinde durmuşyny beýleligine öwrüp, millioner bolýar hemem deňziň gapdalynda ýerleşýän 10000 inedördül fut meýdanly galany satyn alýar. Dogrudanam, sen şularyň üstünligi şowlulygyň netijesidir öýdýäňmi?
— Aý, näme, elmydama beýle bolmaýan bolmagam mümkin — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Ýöne durmuşyň bagtly pursatlaram bolýar ahyryn, şeýle dälmi?
— Baýlyk toplan adamlaryň ýekeje aýratynlygy bar, ol hem jogapkärçilik! Olaryň bary öz hereketine, edýän işine jogapkärçilikli çemeleşýär. Olar bir mesele ýüze çyksa, munuň üçin ykdysadyýetem, hökümetem, howanam ýa-da bagtsyz geçiren çaga günlerinem günäkärlänok. Baý adamlar bagtly pursata ýa-da amatly şertlere garaşanok-da, ony özleri döredýär. Olar özlerini aklajak bolanok-da, meseläniň çözgüdini gözleýär. Olar üstünlige ýetmegi öz barjy hasaplaýar

(Dowamy bar).