Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (3-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (3-nji bölüm)

Dowamy. Başlangyjy we 2-nji bölümi okap bilersiňiz.

 

DUŞUŞYK

— Ertiriňiz haýyr!
Ýaş ýigit duýdansyz çykan sese tisginip gitdi. Ol gapdalyna seredende, bir garry hytaýlynyň durandygyny gördi.
— Ertiriňiz haýyr! — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
Hytaýlynyň boýy pesräkdi, kellesi zordan ýaş ýigidiň egnine ýetýärdi. Onuň egninde maşk eder ýaly ýyly gara geými bardy.
— Ýanyňyz bilen ýöresem, garşy bolup durasyňyz ýok-la? — diýip, garry sorady.
— Eger yzymy eýgerseňiz, baş üstüne — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
Garry ýylgyrdy-da, ädimini çaltlandyrdy.
— Men galmajak bolaryn. Görýän welin, siziň ýüregiňizde nähilidir bir gamgynlyk bar öýdýän?
— Asla beýle däl — diýip, ýaş ýigit söhbetdeşine seretmän jogap berdi.
— Bilýäňizmi näme, meniň ýurdumda her bir kynçylygyň ýany bilen sylag-serpaýyň gelýändigine ynanýarlar. Her bir şowsuzlyk özi ýaly ýa-da ondanam ullakan rowaçlygyň düwünçegini alyp gelýär.
— Hüm! — edip, ýaş ýigit ynamsyzlyk bilen seslendi.
— Bu ähli zada degişli… hatda pully meselä-de — diýip, hytaýly aýtdy.
Onuň soňky sözlerini eşiden ýaş ýigit demini dürsedi-de, gürrüňdeşine tarap öwrüldi.
— Pully mesele nähili rowaçlygy getirip biler?
— Pully mesele Hakyky Baýlygyň ýoluny açýar. Sen olar ýaly baýlygy hatda arzuw edibem gören dälsiň — diýip, garry jogap berdi.
— Bu nähili beýle bolýar? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Eýsem sen baýlaryň ýa-da abraýly adamlaryň aglabasynyň haçan-da bir wagt ellerinde kör köpükleriniň bolmandygyny ýa-da düýbünden tozan adamlar bolandygyny bileňokmy?
— Ýok — diýip, ýaş ýigit başyny ýaýkady.
— Awraam Linkoln 35 ýaşyndaka bergidar diýlip yglan edilýär, bu zatlara garamazdan, ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň baý, iň tanymal adamsy bolup, taryha girýär. Mandino öýsüz-öwzarsyz içegen adam eken, ýöne öz döwrüniň iň meşhur ýazyjylarynyň biri bolmagy başarýar. Öz kino imperiýasyny gurmazdan ozal Uolt Disneýiň näçe gezek tozandygyny bilýäňmi?
Bu zatlary eşidip, ýaş ýigit örän geň galdy. Jübüňde kör köpügiň bolmazlygy ýa-da tozmaklygy ol durmuşdan ymykly ýeňilen adamlaryň başyna düşýändir öýderdi.
— Eýsem bu mümkinmi? — diýip, ol sorady. — Jübüňde kör köpügiň bolmazlygy bilen näme gazanýaň?
— Elbetde — diýip, garry ýylgyrdy. — Ykbalyndan razy adamlar baýlygy gözlemeýär. Durmuşyňy üýtgetmek üçin hökmany suratda ruhubelentlik ýa-da… sustupeslik gerek. Adamlaryň örän az bölegi ruhubelent, şo sebäpli olaryň beýleki bölegi durmuşyny mejbury ýagdaýda üýtgetmeli bolýar.
Bilýäňizmi näme, haçan-da adam göwnüçökgün ýagdaýa düşende, ol özüne sorag berip başlaýar, şol soragyň nähilidigi hem onuň ykbalyny kesgitleýär.
Ýigidiň ýüzüniň reňki öňki kaddyna gelip ugrady, şeýle-de bolsa onuň ýüzünde ynamsyzlyk alamaty bardy.
— Bir zady soramaga ygtyýar ber — diýip, garry dowam etdi, — ýaňy pikirleriň arasyny bozmankam, sen näme hakynda pikir edýärdiň?
— Doly bir zat aýdyp biljek däl, ýöne «näme üçin käbir zatlar meniň başymdan aýrylyp gidiberenok?» diýen pikirdedim öýdýän.
— Ýeri onsoň, nähili pikir edýäň, bu sorag seni nirä elter öýdýäň?
— Bilmedim — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy.
— Ine, gördüňmi! — diýip, garry aýtdy. — Ol seni «bilmedime» ýa-da, has beteri, ýalňyş soraga alyp barar. Näme üçin? Sebäbi seniň beýniň soralan islendik soragyň jogabynyň gözleginde. «Näme üçin?» diýen soragda hiç hili umyt ýok, onuň hiç hili çözgüdi, hiç hili geljegi ýok. «Näme üçin bu zatlar başymdan aýrylanok?», «näme üçin betbagtlyga duçar bolýan?», «näme üçin işlerim ugruna bolup gidenok?» — bular ýaly soraglar hiç ýere eltenok. Beýik adamlar soragy başgaça goýýar. Olar «näme etmeli?» ýa-da «neneňsi edip?» diýen soragy goýýar. «Men neneňsi edip durmuşymy gowlap bilerin?» ýa-da has gowusy, «Men baý bolmak üçin näme etmeli?».
(...dowamy bar).