Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (11-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (11-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm, 9-njy bölüm, 10-njy bölüm

 

— Şübhesiz — diýip, jenap Epplbi tassyklady. — Geçen asyryň psihology we filosofy Uilýam Jeýmsiň beýik açyşlarynyň biri şundan ybarat, ol şeýle diýýär: «Adam pikirlerini üýtgedip, durmuşyny üýtgedip biler». Bu hakykatdanam şeýle. Siz durmuşda näme isleýän bolsaňyz — bu saglykmy ýa bagt, söýgümi ýa baýlyk — siziň ilkinji etmeli zadyňyz — ynanjyňyzy derňemek. Eger siz şol zadyň boljagyna ynanmaýan bolsaňyz, onda oňa ýetmek mümkinçiligiňiz örän az bolar.
Ýaş ýigit ýanderderçesi bilen galamyny çykardy-da:
— Bu zatlary bellesem, garşy bolasyňyz ýokla? — diýip sorady.
— Elbetde, ýok. Bu gowy pikir — diýip, jenap Epplbi ýylgyrdy-da, sözüni dowam etdi. — Eger ýüz sany adam bir kesel bilen kesellän bolsa hemem olara «bu gudratly derman siziň keseliňizi el bilen aýrylan ýaly eder» diýäge-de, dermana meňzedilip gantdan edilen düwürjikleri bersek, onda olaryň sagaljakdyklaryna ynamlary bolany üçin 40 göteriminiň keselinden saplanýandygyny bilýäňizmi? Mundan başga-da, bejerip bolmaýan kesellidigini eşiden näsaglar örän seýrek gowulaşýar, sebäbi olar keseliniň bejerip bolmaýandygyna ynanýar.
Nähili pikir edýäňiz, gelşiksizdigiňize düýbünden ynanýan bolsaňyz, kimdir birini özüne çekmek mümkinçiligi nähili bolar öýdýäňiz? Baran ýeriňizde özüňizi oňaýsyz duýarsyňyz hemem hiç kimiň gözüne ilmezlik üçin bir çetde oturarsyňyz. Hatda birine ýaran ýagdaýyňyzda-da, özüňizi ýeterlik derejede oňat hasap etmersiňiz.
Görşüňiz ýaly, durmuşyň ähli ýagdaýynda-da iň uly wezipäni biziň aň asty aňymyzyň ynanjy oýnaýar. Pul, baýlyk bilen bagly soraglarda ol hasam ullakan wezipäni ýerine ýetirýär. Hakykatda, adamyň ynanjy näçe ýokary bolsa, gazanýan puly hem şonçadyr.
— Bir minut duruň — diýip, ýaş ýigit aýtdy, — men…
— Siz häzirki alýan puluňyzdan razymy? — diýip, jenap Epplbi onuň sözüni böldi.
— Dogrumy aýtsam, ýok — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Onda näme üçin wezipäňiziň ýokarlandyrylmagyny talap edeňizok?
— Sebäbi ulaldarlar öýdemok.
— Hawa, talap etmeseňiz ulaltmazlar — diýip, jenap Epplbi ýylgyryp jogap berdi.
— Munyňyz dogry — diýip, ýaş ýigit razylaşdy. — Ýöne näme üçin olar meniň aýlygymy galdyrar öýdýäňiz?
— Eger häzirki töleýän puldan özüňizi ýokarda goýsaňyz, onda köp tölärler. Siziň häzirki töleýän puldan ýokardadygyňyza ynanmaýanlygyňyz görnüp dur-a. Geçen hepde bir adamy işe aljak bolup, onuň bilen gürrüňdeşlik geçdim. Men oňa 40 müň funt tölemekçi boldum. Ol ýokary derejeli hünärmendi hemem teklip edilen wezipesine laýykdy. Ýöne, haçan-da, ondan näçeräk pul gazanmak isleýändigini soranymda, ol 20 müň funt sorady.

(dowamy bar).