Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (9-njy bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (9-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm

 

— Siz, dogrudanam, olar bardyr öýdýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Elbetde — diýip, jenap Epplbi jogap berdi.
— Onsoň o syrlar nämeden ybarat?
— Bu häzire çenli ulanylyp gelinýän on sany düzgün. Eger ony berjaý etseň, ol diňe bir bolçulyga eltmän, ummasyz baýlyga ýetirýär.
— Islendik adamymy? Siz muňa ynanýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit gaýtadan sorady.
— Bütinleý ynanýan — diýip, jenap Epplbi tassyklady.
— Her bir adamyň baý bolmaga ukyby bar bolsa, onda näme üçin adamlaryň aglabasy gününi zordan aýlaýar?
— Esasy zat — ukybyň barlygynda däl — diýip, jenap Epplbi jogap berdi. — Esasy zat — adamyň ynamynda. Adam öz akylydyr düşünjesi bilen uly işleriň başyny tutup biljek, ýöne meseläniň esasy ýeri — biziň şol zatlara ynanmaýanlygymyzda.
Birnäçe ýyl mundan ozal men bir tomaşa gördüm. Gipnozçy bir adamy stoluň üstünde ýatyrdy-da, ony özüne tabyn edip, göwresiniň demir ýaly gatydygyny ynandyrdy. Soňra ol iki sany oturgyç aldy-da, olaryň birini onuň kellesiniň aşagynda, beýlekisini bolsa aýagynyň aşagynda goýup, stoly aýyrdy. Ol adam gymyldaman şol durşuna ýatyrdy. Onuň göwresi edil demir ýaly gatydy, sebäbi ol adam oňa ynanypdy.
Soňra sahna beýleki adamlar çykdy. Gipnozçy: «Stoluň üstünde ýatan galamy hiç haýsyňyz galdyryp bilmersiňiz, sebäbi ol iki tonnalyk awtoulagdanam agyr. Isleseňiz synanyp görüň, ýöne bu galamy galdyrmak mümkin däl» diýip, olary ynandyrdy.
Adamlar biri-biriniň yzyndan galamy galdyrjak bolýardy. Aýratynam olaryň biri has gowy ýadymda galypdyr: ol ullakan, güýçli adamdy, bedeniniň etleri çigin-çigin bolup durdy. Ol galamy galdyrjak boldy welin, maňlaýyndan der akyp, ýüzi-gözi üýtgäp gitdi, ol eline şeýlebir güýç berdi welin, damarlary kiriş ýaly dartyldy… ýöne galamy galdyryp bilmedi! O galamy çagada galdyryp biljekdi, ýöne olaryň galdyryp bilmänliginiň sebäbi — muňa ynanýanlygyndady. Olar galamy galdyryp bilmejegine ynanýardy.
Şo sebäpli, esasy zat — adamyň durmuşda nämä ýetip biljekliginde däl-de, şol ýetip biljek zadyna ynanmagynda.
Şonuň üçinem Hakyky Baýlygyň birinji syry — biziň aň asty aňymyzyň ynanjynyň güýjüne bagly. 

(dowamy bar)