Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (12-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (12-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm, 9-njy bölüm, 10-njy bölüm, 11-nji bölüm

Ýaş ýigit ýandepderçesine bir zatlar ýazýardy, jenap Epplbi sözüni dowam etdi.
— Adam öz ynanjyny şöhlelendirýär. Eger-de, haçan-da bir wagt baýajakdygyňyza ynanmasaňyz, hiç wagtam baýamarsyňyz. Hakykatda, baý bilen garybyň aratapawudy bankdaky pulunyň ölçeginde ýa-da mülküniň sanynda däl.
— Onda näme-de? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Olaryň ynanjynda. Baýlaryň özi, puly barada aýratyn ynamy bar.
— Baýlar baýlyga ýetmek ukyplarynyň barlygyna ynanýarlar diýjek bolýaňyzmy?
— Hawa — diýip, jenap Epplbi jogap berdi. — Ýöne olaryň ynanjy örän düýpleýin. Häzir size muny düşündirjek bolaýyn, sebäbi siziň baýasyňyz gelýändigi görnüp dur, ýogsa bärik gelmezdiňiz.
— Dogry — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy.
— Beýle bolsa aýdyň, näme üçin siziň baýasyňyz gelýär? Hakyky Baýlygy ýetmek üçinmi?
Ýaş ýigit bir minut oýlanyp oturdy-da, şeýle diýdi:
— Baýlyk adama erkinlik berýär. Men islän ýerime gidip biljek, islän işimi edip biljek, islän zadymy satyn alyp biljek. Ol maňa ynamdyr güýç berip, hiç kime garaşsyz edýär. Mundan başga-da, men öz işime başlap biljek.
— Ýagşy — diýip, jenap Epplbi aýtdy. — Diýmek, siz puluň erkinlik, ynam, güýç berýändigine, garaşsyz edýändigine aňyňyz, düşünjäňiz bilen ynanýaňyz-da?
— Elbetde — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Siziň soragyňyza adamlaryň aglabasy şunuň ýaly jogap berer — biz puluň durmuşymyzy üýtgetjekdigine ynanýarys.
— Duruň, biz entek öz sorag-jogabymyzy gutaramyzok — diýip, jenap Epplbi aýtdy. — Indi men siziň kiçilikden bäri pul, baýlyk barada eşiden zatlaryňyzy ýatlanyňyzy isleýän.
— Men siziň nämäni göz öňünde tutýandygyňyza düşünemok — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Siziň ene-ataňyz bu zatlara nähili garaýardy?
— Indi düşündim. «Pul mellekde gögerenok» diýip, kakam elmydama gaýtalardy.
— Ýagşy. Ýene näme?
— Ejem ähli zadyň pul bilen ölçelmeýändigini, onuň bagt getirmeýändigini, söýgüňi satyn alyp bolmaýandygyny hezil edip gaýtalardy.
— Örän gowy. Ýene näme? Siz diniň pul baradaky garaýyşyny aýdyp biljekmi?
— Siz nämäni göz öňünde tutýaňyz? Belanyň körüginiň puldadygynamy? — diýip, ýaş ýigit sorady,
— Hut şeýle. Biziň elmydama eşidýän gürrüňlerimiz şunuň ýaly zatlar, ýöne belanyň körüginiň pulda däl-de, oňa bolan söýgidedigine düşünmäge sizde mümkinçilik bar.
Ýaş ýigit haýran galdy. Görüp otursa, pul barada kiçiliginden bäri eşiden zatlary ýaramaz zatlar eken. Ony ýaşlykdan: «Pul adamy bagtly edenok, ol durmuşyň möhüm zady däl, onuň bilen söýgüňi satyn alyp bolanok, ähli ýaramazlyklar puldan başlanýar, pully adamlar dowzaha barýar» diýip ynandyrypdyrlar.
— Indi aň asty aňyňyzyň ynanjynyň aň-düşünjäňiziň ynanjyna nähili derejede garşy durýandygyny bildiňizmi? Siz bir tarapdan puluň azatlyk, ynam, güýç we garaşsyzlyk berjegine ynanýan bolsaňyz, beýleki tarapdan, ýüregiňiziň çuňlugynda, özüňizi bagtsyz, günäkär, hiç kimiň halamaýan adamsy, özüňiz üçin jennetiň gapysy ýapylan hasaplaýarsyňyz. Diýmek, aň asty aňyňyzyň ynanjy size baýamaga zyýan edýär.
— Men bu barada hiç wagt oýlanmandyryn — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Başga hili ynançlaram bar — diýip, jenap Epplbi dowam etdi. — Käbir adamlar özleriniň kän pula mynasypdygyna ynananok. Käbirleri bolsa «Beýlekiler garyp günde ýaşaýarka, men nädip baý bolaýyn?» diýip, baý bolmagy ýaramaz, ahlaksyzlyk hasap edýär.
— Biziň aň asty aňymyzyň ynanjynyň ägirt güýji bar — diýip, jenap Epplbi nygtady. — Ol biziň durmuşymyzyň ähli zadyna täsir edýär. Ýigriminji asyryň beýik telekeçileriniň biri Kliment Stoun bir ýaş ýigide aşakdaky sözler ýazylan nyşany uzadýar-da, şeýle diýýär: «Adam akylyna daýanyp, ynanýan zatlaryna ýetmegi başarar».— Men siziň näme aýtjak bolýanyňyza düşündim — diýip, ýaş ýigit seslendi. — Ýöne, göwnüme bolmasa, aň asty aňyň ynanjyny üýtgetmek gaty kyn bolaýmasa.
Jenap Epplbi ýylgyrdy.
— Siziň sözleriňizi ters ynanjyň äşgär nusgasy hasap edip boljak. Bu sizi güýçden gaçyrýar. Sebäbi siz aň asty aňyňyzyň ynanjyny üýtgetmegiň kyndygyny takyk bilýäňiz.
— Aý, ýok, ýöne…
— Kliment Stounyň şu sözleri hemişelik ýadyňyzda galsyn: «Adam akylyna daýanyp, ynanýan zatlaryna ýetmegi başarar». Siz ynanjyňyzy üýtgedip, uly güýje eýe bolup bilersiňiz.
— Ýöne nädip? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Özüňi ynandyrmagyň kömegi bilen — diýip, jenap Epplbi jogap berdi.
— Muny nädip etmeli?
— Özüňi ynandyrmak — bu ýönekeý usul. Bir zady gaýtalap ýörse, adam ahyrsoňy şoňa ynanýar
— Bu nähili ýol bilen biziň aň asty aňymyzyň ynanjyna täsir edýär? — diýip, ýaş ýigit ýene sorag berdi.
— Gaýtalanyp durlan islendik pikir ahyrsoňy aň asty aňa barýar — diýip, jenap Epplbi düşündirdi. Adam ynançlarynyň aglabasyny aň asty aňynda şeýdip döredýär, ýagny bir zatlary gaýtalap ýörse, ahyry bu onuň aň asty aňyna girip, muňa ynanýar.

(dowamy bar)