Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (14-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (14-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Başlangyjy2-nji bölüm3-nji bölüm, 4-nji bölüm, 5-nji bölüm, 6-njy bölüm, 7-nji bölüm, 8-nji bölüm, 9-njy bölüm, 10-njy bölüm, 11-nji bölüm, 12-nji bölüm, 13-nji bölüm

 

Agşamara ýaş ýigit jenap Epplbiňkide ýazan zatlaryny gaýtadan okady:

Hakyky Baýlygyň birinji syry — aň asty aňyň ynanjy

1. Adamlar ukyply bolany üçin ýetenok. Olar ýetip biljeklerine ynamlary bolany üçin ýetýär.
2. Biziň durmuşdaky ornumyz — aň asty aňymyzyň ynanjynyň şöhlesidir.
3. Adamlar näçe gazanýan bolsa, şonça gazanmaga ukyplydygyna ynanýar.
4. Biz aň asty aňymyzyň ynanjyny özümizi ynandyrmagyň kömegi bilen üýtgedip bileris.
5. Adam akylyna daýanyp, ynanýan zatlaryna ýetmegi başarar!
6. Ýeňjegine ynanýan adam hökman ýeňer!

Ikinji syr
ADAMYNY BÜTINLEÝ GURŞAP ALÝAN ISLEGIŇ GÜÝJI

Ertesi gün ýaş ýigit sanawdaky ikinji adam, ýagny Rupert Kammings bilen duşuşmak üçin şäheriň altmyş kilometr demirgazygynda ýerleşýän şäherçä ugrady. Bir sagatdan ol onuň mülküniň öňündäki ullakan derwezäniň öňünde peýda boldy. Ýaş ýigit çagyl ýazylan ýoda bilen gidip barşyna, daş-töweregini gurşap alan bagyň gözelligine haýran galdy. Öýüň öňündäki ot  düşelen meýdan azyndan 500 kwadrat metr bardy, ol şeýlebir gowy edilip gyrkylypdyr welin, golf oýnalýan meýdany ýatladýardy. Meýdançanyň ortasynda ullakan kedr agajy ösüp otyrdy, onuň daş-töweregini solgun sary nerkes güli örtüpdir. Tutuş meýdançanyň daşyna gös-göni edilip goýy gyrmyzy gülli lobeliýa hemem tylla öwüşginli dyrnakgülliler ekilipdir.
Ýoda ony öýe alyp geldi, öýüň ýanynda sogangülli howdan bolup, ortarasynda delfiniň şekilinde ýasalan üç sany çüwdürim bardy. Jaýyň daşyna her hili güller çyrmaşyp otyrdy, bägül güli bolsa eýýäm ýazyň gelendigini buşlap, gunçasyny görkezip ugrapdy. Ýaş ýigit ýodanyň soňuna ýeten badyna, ýodajygyň üstünde iş geýimli, ullakan baş gaply bir adam peýda boldy. Ol solgun ýüzüni owadan kümüşsöw sakgaly ýapyp duran uzyn adamdy. Golaýlaşan badyna ol äýnegini aýyrdy, onuň mawy gözleri bardy.
— Size näme kömek edip bilerin? — diýip, ol ýaş ýigide ýüzlendi.
— Men jenap Kammingsi görmek isleýän — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Ol maňa garaşýandyr diýip umyt edýän.
— Bu men. Ýagdaýlaryňyz niçik? — diýip, ol ýigide elini uzatdy.
— Ä-ä… sag boluň… ýagşy — diýip, ýaş ýigit jenap Kammingsiň elini gysyp durşuna, sakynyp gürledi.
— Nähili ajaýyp gün. Eger daşynda otursak, garşy bolasyňyz ýok-la? — diýip, jenap Kammings sorady.
— Elbetde, ýok — diýip ýigit jogap berdi.
Jenap Kammings ýaş ýigidi jaýyň arka tarapyndaky baga alyp bardy. Baga giren wagty ýigit gözüniň görýän zatlaryna ynanyp bilmedi. Jaýyň öňündäki çemenli meýdanam örän owadandy, ýöne jaýyň yzyndaky bag welin, göz gamaşdyrýardy. Iki gapdaly hemişe gök öwsüp oturan, çagyl ýazylan ýodajyk otluga alyp baryp, onuň daşyna açyk reňkli gülçanaklar ekilipdir.
Olar baga eltýän ullakan eýwandaky ak syrçaly çoýun oturgyçlarda oturdylar. Bir minutdan eli mejimeli hyzmatkär peýda boldy.
— Çaý içesiňiz gelýärmi? — diýip, jenap Kammings ýaş ýigitden sorady.
— Sag boluň, bu erbed-ä bolmazdy — diýip, ol jogap berdi.
Jenap Kammings çaý guýýança, ýaş ýigit garry hytaýly bilen bolan duşuşygy gysgaça gürrüň berdi.
— Hakyky Baýlygyň syrlarymy? — diýip, jenap Kammings sorady. — Hawa, elbetde, bilýän. Men elimdäki bar zady şol syrlaryň üsti bilen gazandym.
— Olaryň haýsysy bilen? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Olaryň bary hem zerur, sebäbi olar meni häzirki ýagdaýyma ýetmäge kömek etdi, ýöne indi yzyma ser salýan welin, meniň pikirimçe, olaryň iň ähmiýetlisi — bu adamyny bütinleý gurşap alýan islegiň güýjimikä diýýän.
— Islegiň güýji? — diýip, ýaş ýigit gaýtalady. — Ýöne her bir adam baý bolmagy islemeýärmi näme?
— Bu siziň pikiriňiz, dogry dälmi? — diýip, jenap Kammings jogap berdi. — Hakykatda, adamyny bütinleý gurşap alýan isleg barada-ha aýdyp oturmagyň hajatam ýok, baý bolmagy diňe käbir adamlar isleýär.
— Men-ä düşünemok — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Näme üçin kimdir biri baý bolmak islemeýär?
— Geliň başdan başlalyň — diýip, jenap Kammings aýtdy. — Adamyň hereketiniň aňyrsynda hökman şu iki zadyň biri bar — ol ýa gam-gussa batýar ýa-da bir zatdan lezzet alýar. Haçan-da, biz özümize lezzet berjek zatlar barada pikir edenimizde, biz ony edinmek isleýäris, haçan-da, onuň gaýgy-hasrat getirjekdigini bilen wagtymyz bolsa, ondan daşlaşmaga jan edýäris. Meniň bilen razylaşýaňyzmy?
Ýaş ýigit başyny atdy.
— Munuň bilen bütinleý ylalaşýan. Ýöne baý bolmak meýli adama lezzet berýär ahyry, dogry dälmi?
— Hawa, bu şeýle. Has dogrusy, şeýle bolmagy mümkin. Sebäbi adamlaryň aglabasy baýlygyň ýany bilen betbagtlygyňam gelýändigine ynanýar. Siz eýýäm aň asty aňyň ynanjyny bilýänsiňiz?
Ýaş ýigit ýene-de başyny atdy, ýöne bu gezek hiç zat gürlemedi.
— Şeýlelikde, siz käbir adamlaryň baýlygyň nähilidir bir betbagtlyk getirýändigine ynanýandygyny bilýäňiz. Käbir adamlar dostlary ýüz öwrer öýdüp gorkýan bolsa, käbirleri baýlygyň ýany bilen gelýän jogapkärçilikden çekinýär. Käwagt olary salgyt gorkuzýan bolsa, käwagt beýleki adamlar bir zatlar talap eder öýdüp gorkýarlar.

(dowamy bar).