Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (21-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (21-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Aý, näme, meniň size bar berip biljek maslahatym, synanyp görüň, onsoň näme bolýanyny özüňiz görersiňiz — diýip, jenap Çepmen jogap berdi. — Maksadyňy ýazmak — örän uly güýç bolup, bu durmuşda nirä ýetjegiňi kesgitleýär. Ony ýazan badyňyza, maksadyňyza golaýlandygyňyzy görersiňiz.
— Men entek siziň näme diýjek bolýandygyňyza düşünemok.
— Muňa döredijilik göz öňüne getirmekligi diýilýär. Maksadyňyz nähili bolsa-da, oňa ýeten ýaly göz öňüne getiriň. Aýdaly, maksadyňyzyň biri — aýratyn jaýly bolmak — siz özüňizi şo jaýda ýaşaýan ýaly görmeli. Ýa-da belli bir kärde işlemegi maksat edinýäňiz — siz özüňizi şol işde işleýän ýaly görmeli.
— Ýöne bu arzuwlaryňy iş ýüzünde gören ýaly bir zat bolmazmy? — diýip, ýaş ýigit garşy çykdy.
— Bilýäňizmi näme, bir akylly adam maňa şeýle diýdi: «Eger muny isleýän bolsaňyz, bu eýýäm arzuw däl». Haçan-da, siz özüňizi maksadyňyza ýeten ýaly göz öňüne getirseňiz, ol eýýäm hakyky ýaly bolup, oňa ýetmek mümkin ýaly görünýär. Bu usuly beýik sportsmenleriň ählisi ulanýar, sebäbi bu maksadyňa ýetmäge ynam berýär. 
— Ýagşy — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Şeýlelikde, biz öňümizde maksat goýmaly, olary ýazmaly hemem oňa ýeten ýaly göz öňüne getirmeli.
— Hawa. Ýöne ýene bir zat bar, bu maksadyňa ýetmäge has oňaýly täsir edýär. Ol bolsa ýetmek isleýän maksadyň näme üçindigini bilmek.
— Ýöne näme üçin? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Sebäbi bu maksadyňa ýetmäge kömek edýär. Meselem, belli bir möçberde pul toplamak üçin adam o diýen tagalla etmeýär, emma jaý edinmek, bir ýerlere syýahata gitmek ýa-da ogluny okatmak ýaly meseleler ýüze çykan wagty ol ony gazanmak üçin elinde baryny edýär. Ol nähili maksat bolsa-da, onuň aňyrsynda nämäniň bardygyny bilseňiz gowy bolar. Sizi haýsy zat has özüne çeker öýdýäňiz, 10000 funt pul gazanmakmy ýa-da şonça pul gazanyp, oňa jaý satyn almak? Ýadyňyzda saklaň, baýlyk — bu ýöne pul gazanmak ýa-da bir zatlar edinmek däl, baýlyk — bu uly güýç bolup, ol durmuşda etmek isleýän zatlaryňy amala aşyrmaga kömek edýär. Onuň näme üçin gerekdigini takyk bilseňiz, bu size egsilmez güýç berer.
Agşamara ýaş ýigit ýazyp alan zatlaryna gaýtadan göz gezdirdi.

Hakyky Baýlygyň üçünji syry — niýetiň aýdyňlygynyň güýji

1. Eger näme isleýändigiňizi hemem onuň näme üçin gerekdigini bilseňiz, durmuşda ähli zadyňyz bolar.
2. Öňüňizde goýan maksadyňyzyň näme üçin gerekdigini biliň, we wagtyna çenli kesgitläň. (Meselem, meniň baý bolasym gelýär diýeniň ýeterlik däl. Edinmek isleýän puluňyzyň mukdaryny, nähili zatlar edinmek isleýändigiňizi hemem o zatlaryň näme üçin gerekdigini takyk biliň).
3. Maksadyňyzy ýazanyňyzda «men şu günden başlar, X000 funt gazanaryn» diýip senesine çenli goýuň.
4. Maksadyňyzy ýazyň we günde üç wagtyna okaň — irden, öýlän hemem agşam.
5. Hyýalyňyzda şol zatlara ýeten ýaly boluň. Şol zatlara näme üçin ýetmek isleýändigiňiziň sebäbini biliň.
6. Ýadyňyzda saklaň, baýlyk — bu pul gazanmak ýa-da bir zatlar edinmek däl, bu uly güýç bolup, ol durmuşda etmek isleýän zatlaryňy amala aşyrmaga kömek edýär.

(dowamy bar).