Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (18-nji bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (18-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hakyky Baýlygyň ikinji syry — islegiň güýji.

1. Eger durmuşda Hakyky Baýlyga ýetmedik bolsaňyz, onda bu Hakyky Baýlyga ýetmek üçin sizde adamyny bütinleý gurşap alýan islegiň bolmandygyny aňladýar.

2. Eger sizde adamyny bütinleý gurşap alýan isleg bolmasa, onda durmuşda üýtgeşik zat gazanmarsyňyz.
3. Haçan-da, adam islendik zady etmäge kaýyl bolanda, diňe şol pursat adamyny bütinleý gurşap alýan isleg döreýär (ýöne bu jan-saglygyňa, mertebäňe, adamlar bilen aragatnaşygyňa zyýan salmaly däldir).
4. Siz adamyny bütinleý gurşap alýan islegi Täze ýyl arwahlaryň usuly bilen döredip bilersiňiz: pulsuzlyk zerarly geçmişiň kösençlerini, häzirki kynçylyklaryňyzy, eger malie ýagdaýyňyz üýtgemese, geljekde-de horlanjakdygyňyzy ýatlaň. Bulardan başga-da, geljekde ägirt baýlyga eýe bolsaňyz, onuň berjek ýakymly duýgularyny göz öňüne getiriň!

Üçünji syr

NIÝETIŇ AÝDYŇLYGYNYŇ GÜÝJI

Ertesi gün ýaş ýigit garrynyň sanawundaky Maýkl Çepmen diýen üçünji adam bilen duşuşmak üçin şäheriň merkezine bakan ugrady. Jenap Çepmen halkara aragatnaşyk korporasiýasynyň prezidentidi. Ol  adam uzyndan arryk bolup, örän haýbatly görünýärdi, arassa pagtadan dokalan inçejik gara-çal çyzykly ak kostýumy egnine şaplaşyp durdy. Ol örän ýaş görünýärdi, onuň oňat edip deňlenen goňur mele saçlaryndan, jereniňki ýaly ullakan gözlerinden çen tutsaň, kyrkdan ýaňy agandyr diýip çak etmek mümkindi.
Haçan-da, ýaş ýigit jenap Çepmene garry hytaýly hemem özünden ozalky duşuşan iki adamy barada gürrüň berende, ol hamala çuňňur bir zadyň pikirine çümen ýaly, arkasyny kürsüsine berdi-de, barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirdi.
— Maňa özüňiz barada bir zatlar gürrüň berseňizläň — diýip, ol ýaş ýigide ýüzlendi. — Siz durmuşda näme gazanmak isleýäňiz?
— Näme diýdiňiz? — diýip, ýaş ýigit jenap Çapmeniň gönümelliginden aljyrap sorady.
— Siz durmuşdan näme isleýäňiz? — diýip, ol gaýtadan sorady.
— Ä-ä… meniň bar isleýän zadym… bagtly… sagdyn bolmak… elbetde, muňa baýlygam degişli — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Muny her kimem isleýär ahyry.
— Hawa. Ine, şonuň üçinem adamlaryň az-owlagy bagtly, sagdyn hemem baý!
— Siz beý diýmek bilen näme aýtmakçy bolýaňyz?
— Eger-de durmuşda näme isleýäniňizi bilmeýän bolsaňyz, siz ony nädip tapmakçy bolýaňyz?
— Ýöne men ýaňyja näme isleýänimi aýtdym ahyryn — diýip, ýaş ýigit janykdy.
— Ýöne siziň aýdanlaryňyz umumy bir zat, ümüriň içinde ýaly aňyrsy görnenok. Siziň bu barada näme düşünjäňiz bar?
— Bagyşlaň — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni kesdi, — men size düýbünden düşünemok.
— Ýagşy, geliň «baýlyk» diýen düşünjä garalyň, sebäbi siz bärde hut şonuň üçin. Özüňizi baý duýmak üçin size näme gerek? Özüňizi baý duýmak üçin siz näçe gazanmak isleýäňiz?
— Hä… indi düşündim — diýip, ýaş ýigit ahyry özünden näme soralýanyna düşünip aýtdy. — Özümi baý duýmak üçin men häzirkimden azyndan iki esse köp gazanmak isleýän.
— Ýagşy, gel, şundanam başlaly. Ýene näme?
— Men hiç kime bergi etmän öýümiň, ulagymyň bolanyny isleýän…
— Nähili öý hemem nähili ulag? — diýip, jenap Çepmen onuň sözüni böldi.
— Bilmedim — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Munuň ähmiýeti ýok.
— Dogrudanam? — diýip, jenap Çepmen gyzyklandy. — Diýmek, size şäheriň bir otagly bolgusyz jaýlaram bolýar-da?
— Elbetde, ýok — diýip, ýaş ýigit aýtdy.
— Onuň ýaly bolsa, siz ullakan jaýy göz öňünde tutýaňyz-da?
— Men şäheriň eteginden bäş otagly ullakan jaý edinesim gelýär.
— Biz ahyry bir zada golaýlaşdyk — diýip, jenap Çepmen aýtdy. — Siz iki esse köp gazanyp, şolar ýaly jaý edinip bilerin öýdýäňizmi?
— Ýok — diýip, ýaş ýigit güldi. — Munuň üçin men azyndan on esse köp gazanmaly.
— Beýle bolsa näme üçin  ýap-ýaňy: «men iki esse kän gazansam özümi baý duýaryn» diýdiňiz?
— Men… bu barada çynlakaý pikirlenmändirin — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy.

(dowamy bar).