Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (19-njy bölüm)

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (19-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Siz munda gapma-garşylyk göreňizokmy? — diýip, jenap Çepmen sorady. — Köp adamlaryň baý bolasy gelýär, ýöne olaryň örän az bölegi özleriniň näme isleýändigini hemem näme üçin isleýändigini bilýär. Eger-de siz Hakyky Baýlyga ýetmek isleýän bolsaňyz, bu zatlar barada mazaly oýlanmaly bolarsyňyz. Özüňize nämäniň gerekdigi barada ownujak zatlaryna çenli takyklamaly bolarsyňyz. Meselem, «men täze ulag isleýän» diýeniň ýeterlik däl. Siz ol ulagyň modelini, markasyny hat-da reňkine çenli bilmeli, sebäbi diňe şonda siziň akylyňyz munuň üstünde işläp ugraýar. Bu zatlaryň üstüne, siz näme üçin hut şony isleýändigiňizi, oňa ýeteniňizde näme peýdasynyň bardygyny bilmeli.
— Haçan-da, ýaşkam — diýip, jenap Çepmen gürrüňini dowam etdi, — men durmuşyň şu mahalky düzgünini ýeňip geçerin öýdýärdim. Maňa şahadatnama-da, ylym-bilimem gerek däldi. Meni diňe durmuşymyň gowy geçjek günleri gyzyklandyrýardy. Ýöne bahym özüme laýyk iş tapynyp bilmejegime düşündim, sebäbi hiç ýerde okamandym. Haçan-da, yzyma garanymda, bu zatlar gülkünç ýaly bolup göründi, ýöne şol wagt men munuň üçin mekdep ýyllarymy günäkärledim. Maňa okuwyň hökmandygyny, haýsydyr bir hünäre eýe bolmalydygyny elmydama düşündiripdiler, ýöne hakykat nämede diýseňizläň, men aýdylanlara gulak asmadym.
Men mundan aňryk nähili ýaşajagymy bilemokdym, gaýgylydym, sustupesdim, durmuş gaty agyr degýärdi. Näme üçin beýleki adamlaryň täzeje ulagy, ullakan jaýy bar, olar egnine geýjek eşiklerinem ýörite tikdirýärler, dynç günlerini täsin ýerlerde geçirýärler, meniň bolsa hiç zada mümkinçiligim ýok? Men adamlaryň bu zatlary edinmek üçin özlerine zor salyp işländikleriniň hemem ýaşlygymy paýhassyzlyk bilen geçirendigimiň pikirini edýärdim. Men munuň üçin her bir adamy — ene-atamy, mugyllymlarymy, hatda hökümete çenli günäkärleýärdim, ýöne, hakykatda, bu zatlara ýekeje adam günäkärdi, ol hem özümdim.
Günlerde bir gün garry daýzamdan az-owlak miras aldym hemem wagtymy hoş geçirmek üçin syýahatçylyk edarasyna ugradym — men elime düşen puly iki hepdede sowrup gutarmakçydym. Men olaryň hepdelik meýilnamasyny alyp, gowuja öwrenmek üçin seýil baga ugradym.
Gidip barýarkam ýanymda kimdir biriniň bardygyny duýdum. Bu garry hytaýlydy. Ol menden nirä barýandygymy sorady. Men entek muny özümiňem bilmeýändigimi, ýöne birnäçe hepdelik syýahata gitjek bolýandygymy aýtdym. Şonda ol menden näme üçin gitmekçi bolýanymy sorady. Men hiç ýerde işlemeýändigimi, geljege bolan hiç hili umydymyň ýokdugyny aýtdym. Ol bärsine öwrüldi-de, göni garagyma bakyp: «Beýle bolsa sen durmuşyňy täzeden gurmaly bolarsyň» diýdi.
— Durmuşyňy nädip gurup bolýar? — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni böldi.
— Menem oňa hut şu soragy berdim — diýip, jenap Çepmen sözüni dowam etdi. — Garry: «Hakyky Baýlygyň syrlarynyň kömegi bilen» diýdi-de, bu zatlary düşündirip biljek adamlaryň sanawuny berdi.
Ýaş ýigit öz ýanyndan ýylgyrdy.
— Men şol adamlaryň kömegi bilen özüme esasy zadyň ýetmeýändigini, ýagny öňümde hiç hili maksadyň ýoklugyny, şonuň üçinem durmuşda hiç zat gazanmandygyma gözüm ýetdi — diýip, jenap Çepmen sözüni dowam etdi. — Men dünýede islän zadymy edinip biljegime düşündim, ýöne, öňi bilen, näme isleýändigimi hemem näme üçin isleýändigimi takyk bilmelidim. Sebäbi oňa göz ýetiren mahalyň, ullakan güýje öwrülip, etjek işiňe aýdyňlyk berýär.
— Niýetiň aýdyňlygy — diýip, ýaş ýigit gaýtalady-da, ýandepderçesine bir zatlar belledi. — Diýmek, siziň aýtmakçy bolýan zadyňyz — baýlyk toplamak üçin biz öňümizde kesgitli maksat goýmaly-da?
— Biz muny ähli zatdan öň etmeli — diýip, jenap Çepmen tassyklady. — Adamyň kesgitli maksady bolmaly. «Meniň baý bolasym gelýär» diýip aýdanyň ýeterlik däl. Geljegiňi gurmak üçin bar ünsüňizi şol ugra gönükdirip, onuň boljak wagtyna çenli kesgitlemeli.

(dowamy bar).