Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (23-nji bölüm)

  • 14.05.2022 14:35
  • 12k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (23-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýaş ýigit razylaşýanlygynyň alamaty hökmünde başyny atdy.
— Ol öý bolsa-da, ulag bolsa-da, baýlyk bolsa-da parhy ýok — ähli zat üçin oýlanyşykly iş meýilnamasy gerek.
Durmuşda bikär gezmeli däl. Geljegiňiz üçin oýlanyşykly meýilnamaňyz bolsa, durmuşda nähili ýaşasyňyz gelse, şol hili hem ýaşarsyňyz. Bu ýönekeýje zatlara-da degişli. Aýdaly, siziň telewizoryňyz döwülipdir-de, täzesi gerek. Siz haýsy döwletiňkini edinmek isleýäniňizi hemem markasyny belýäňiz. Indiki sorag: oňa ýetmek üçin näme etmeli?
— Ony satýan dükany tapmaly-da, şol ýere baryp satyn alaýmaly — wessalam — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Ýagşy. Şol telewizory satýan dükany tapdyňyz diýeli, ýöne örän gymmat bolsa näme etjek?
— Beýle bolsa mundan aňsat zat ýok, alman öýe gaýdybermeli — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Haçan-da, siz garry hytaýly bilen gürleşeniňizde, ol islendik meseläni çözmegiň altyn düzgüniniň bardygyny aýtdymy? — diýip, hanym Hill sorady.
Ýandepderçesini agdaryşdyryp, ýaş ýigit gerekli sahypany tapdy. «Ähli mümkinçiligi ulanandyryn öýden çagyň — diýip, ol okap ugrady, — munuň beýle däldigini unutma».
— Örän dogry — diýip, hanym Hill begenjine gygyrdy. — Çykalga elmydama bar, ýöne ony tapmagy başarmaly. Şeýlelikde, telewizoryň bahasy iki ýüz funt diýeli, siziň bolsa ýüz funtuňyz bar. Telewizory satyn almak üçin näme etmeli? 
— Telewizoryň ujundan ýüz funty geçirip, galanyny ýygnabermeli. Aýda on funt ýygnasam, on aýdan soň telewizor meňki bolýar.
— Hawa, bu-da bir mümkinçilik. Ýöne siz on aýlap telewizorsyz oňmaly boljak. Ýene näme edip biljek?
— Meň pikirimçe, pul karz almaly ýa-da telewizory kreditine almaly.
— Bu-da bir mümkinçilik, ýöne onuň üçin ullakan göterim tölemeli bolarsyňyz.
— Bu meniň kelläme gelen bar zatlar — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy.
— Ýagşy. Eger olardan telewizoryň bahasynyň aşakladyp boljagyny-bolmajagyny sorasak näme? Dükanlaryň aglabasy öz harytlaryna ýokary baha goýýar, ýöne köplenç aşaky bahadan satýarlar, bu bir. Ikinjiden, olardan göterimsiz kreditine sorap bolmagam mümkin. Mundan başga-da, olar siziň köne telewizoryňyzy töleg pulunyň bir bölegi hökmünde kabul edibem biler. Görýäňizmi, näçe çykalga bar. Ilki göreňde bu zatlar mümkin däl ýaly görünýär, ýöne oturyp oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzeniňden soň, hakykatda, gaty kän mümkinçiligiň bardygyny bilýäň.
Siziň indiki etmeli zadyňyz — iş meýilnamasyny düzüp, oňa on sany mümkinçiligiňizi ýazmaly.
— Siz mysal getirip bilmersiňizmi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Elbetde. Özüm barada mysal getiräýerin. Öz žurnalymy neşir etmek üçin maňa 100000 funt gerek boldy. Şonuň üçinem men iş meýilnamasyny düzüp, on sany mümkinçiligimi ýazdym:
1. 100000 funt goýup biljek adam ýa-da edara tapmaly.
2. 50000 funt goýup biljek iki sany adam tapmaly.
3. 20000 funt goýup biljek bäş sany adam tapmaly.
4. 10000 funt goýup biljek on sany adam tapmaly.
5. 5000 funt goýup biljek ýigrimi sany adam tapmaly.
6. 2000 funt goýup biljek elli sany adam tapmaly.
7. 1000 funt goýup biljek ýüz sany adam tapmaly.
8. 500 funt goýup biljek iki ýüz sany adam tapmaly.
9. Bankdan karzyna pul almaly.
10. Öz pikirimi döwlet neşirýat gullugyna satyp, olar bilen şärikdeş ýagdaýda žurnaly neşir etmeli.
Şeýdip, men bolup biläýjek mümkinçilikleriň sanawuny düzdüm.
— Ýeri, onsoň, işler başa bardymy? — diýip, ýaş ýigit sorady.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...