Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow häkimleriň hasabatlaryny diňledi

  • 04.05.2022 06:36
  • 11k+

3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, sebitleriň ýolbaşçylary welaýatlarda alnyp barylýan işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Döwlet Baştutany, hususan-da, oba hojalygynyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belledi we onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary, hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ekişini gysga möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işler bellenen tertibe laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde sebitlerde ýüpek gurçugyna ideg edilişine we piläniň öndürilmegine degişli alnyp barylýan işler baradaky meselä üns çekilip, şu günler ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda pileçi-kärendeçileriň pile tabşyryp başlandyklary barada habar berildi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......