Serdar Berdimuhamedow sebitleriň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 05.04.2022 06:01
  • 23k+

4-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutany Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, şeýle hem keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 129 müň 659 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berdi. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda 30 müň gektara ýeralma, 10 müň gektara sogan, 1 müň 500 gektara kelem we 3 müň gektara käşir ekildi. Häzirki döwürde bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ideg etmek işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminde jemi 1 million 658 müň 915 düýp bag nahallary oturdyldy. Şol bir wagtyň özünde olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.


düýn 21:23
5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi...

28.02.2026 16:05
1.5k+

Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S...

28.02.2026 15:51
1.9k+

Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen  duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

28.02.2026 14:08
3.5k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär...