Hytaýda Owganystan bilen goňşy döwletleriň duşuşygy geçer

  • 28.03.2022 11:17
  • 6k+

Mart aýynyň ahyrynda Pekinde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň üçünji tapgyry geçer.

Duşuşyga Eýranyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Päkistanyň daşary işler ministrleri gatnaşar. Olar Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek we bu ýurduň öňünde durýan syýasy meseleleri çözmek hakynda özara pikir alşarlar.

Duşuşyga Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Bu duşuşyk — Owganystana ynsanperwerlik kömegi, ýurdy ykdysady we sosial taýdan goldamak boýunça maslahat etmek, utgaşdyrmak we sebitleriň tagallalaryny birleşdirmek hem-de terrorçylykly howp salmalara, neşe söwdasy  bilen bagly hereketlere baha bermek üçin gowy mümkinçilik.» — diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa mälim etdi.

Duşuşygyň birinji we ikinji tapgyrlary Islamabadda bilen Tähranda geçirilipdi. Islamabaddaky duşuşyk Zoom konferensiýanyň üsti bilen geçipdi.
Duşuşyk barada penşenbe güni Hytaýyň daşary işler ministri Wan I-niň Kabula bolan saparynyň dowamynda maslahatlaşyldy. Şol ýerde ol premýer-ministriň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen gepleşikleri geçirdi. Edil şol gün Kabula Russiýanyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti hem bardy. 
Ertesi, anna güni HHR Döwlet Maslahatynyň agzasy, Milli goranmak ministri Weý Fenhe wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Sinhua habarlar agentligi habar berdi.
Hytaý iki döwletiň baştutanlarynyň gazanan möhüm ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek, strategik gatnaşyklary berkitmegi dowam etmek we howpsuzlyk çäginde amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardyr diýip, Weý aýtdy.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......