Türkmen daýhanlary 1 mln 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnadylar

  • 12.11.2021 09:10
  • 6.5k+

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Şu ýyl “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy.

Her welaýatdan pagtaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli çagalar öz ýanlary bilen oba zähmetkeşleriniň ýeňşini alamatlandyrýan horjun doly ak pagtany alyp geldiler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda edermen pagtaçylaryň ajaýyp zähmet ýeňşini gazanandyklaryny we Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylandyklaryny belledi.

Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyran daýhanlar şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany daýhanlaryň bu üstünliginiň aňryçäk däldigini belläp, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden we Ak bugdaý, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Bereket we Esenguly, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky, Gubadag we Akdepe, Lebap welaýatynyň Çärjew, Darganata we Saýat, Mary welaýatynyň Tagtabazar, Baýramaly we Wekilbazar etraplarynyň hasyl ussatlarynyň gazanylan ýeňşe mynasyp goşant goşandyklaryny belledi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......