Türkmenistan we Mongoliýa 14 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
2-nji iýunda Ulan-Batorda geçirilen döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler...