Serdar Berdimuhamedow Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi

  • 02.06.2025 15:02
  • 10k+

Şu gün, 2-nji iýunda Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýa döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. 
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. 
Döwlet Baştutany bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......