10-13-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar

  • 08.10.2024 13:33
  • 10k+

10-13-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh türkmen kärdeşiniň çakylygy boýunça Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu sapar iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri ilkinji gezek bolar diýip, ORIENT habar berýär.

Saparyň çäklerinde Hurelsuhyň Prezident Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşarlar. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary berkitmäge we dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berler.
Mundan başga-da, Mongoliýanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyna gatnaşar.
Öň, habar berşimiz ýaly, bu foruma RF-niň Prezidenti W.Putin hem gatnaşar.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......