Türkmen Lideri Mongoliýanyň Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

  • 28.06.2021 12:16
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Mongoliýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öň habar berşimiz ýaly, ýurtda häkimlik edýän Mongol halk partiýasynyň ýolbaşçysy Uhnaagiýn Hurelsuh umumymilli saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň täze Prezidenti boldy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......