Uhnaagiýn Hurelsuh — Mongoliýanyň täze Prezidenti saýlandy

  • 10.06.2021 22:52
  • 5.5k+

Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, ýurtda häkimlik edýän Mongol halk partiýasynyň ýolbaşçysy Uhnaagiýn Hurelsuh umumymilli saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň täze Prezidenti boldy. Bu barada MONSAME agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Maglumatlara görä, saýlawçylaryň 776 müňüsi Hurelsuha, öňki parlament deputaty Dangaasurengiýn Enhbata 235 müňe golaýy, oppozisiýadaky Demokratik partiýanyň ozalky başlygy Sodnomzunduýn Erdene bolsa 67 müňüsi ses berdi.
Baş saýlaw toparynyň hasabatlaryna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynyň ýapylmazyndan öň ýarym sagadyň dowamynda ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 2 millionyndan 1,17 milliondan gowragy dalaşgärlere ses berdiler.
Saýlawa gelenleriň görkezijisi 52,69 göterime barabar boldy.
Saýlawlaryň dowamynda ýurduň çäginde saýlaw uçastoklarynyň 2 müňüsi döredildi. Konstitusiýa girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, Mongoliýanyň ýaşaýjylary ýurduň Baştutanyny ilkinji gezek 6 ýyl möhlete saýladylar.


düýn 19:38
5.3k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

31.03.2026 20:39
2k+

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...