Türkmenistan we Mongoliýa 14 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

  • 03.06.2025 11:20
  • 6.9k+

2-nji iýunda Ulan-Batorda geçirilen döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

  1. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna;
  3. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga;
  4. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama;
  5. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  7. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  9. Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama;
  10. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  11. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  12. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  13. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.


düýn 22:55
249

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......