Günorta Koreýanyň täze Prezidenti demokrat Li Çže Mýon boldy

  • 04.06.2025 13:47
  • 6.9k+

Oppozision Demokratik partiýadan dalaşgär Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol 49%-den gowrak ses aldy diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Onuň esasy garşydaşy – “Halkyň güýji” dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär Kim Mun Su 41% ses alyp, ýeňlendigini boýun aldy we ýeňijini gutlady.
Şeýle-de, býulletenlerde ýene üç dalaşgär bardy, ýöne olaryň ýeňiş gazanmak üçin hakyky mümkinçiligi ýokdy.
Saýlawlar öňki Prezident Ýun Suk Ýol wezipeden aýrylandan soň möhletinden ir geçirildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ol ýurtda harby ýagdaýy yglan etmäge synanyşdy, bu hem uly syýasy çökgünlige getirdi.
Netijeler yglan edilenden soň, Li tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

“Men saýlanan Prezident hökmünde tassyklanan pursatym, ykdysadyýeti janlandyrmak we halkyň maddy hal-ýagdaýyny dikeltmek üçin ähli güýjümi sarp ederin” – diýip, ol aýtdy.

Saýlawlar üç gün dowam etdi. Hasaba alnan 44,39 mln saýlawçynyň üçden birinden gowragy möhletinden ir ses berdi. Saýlawa umumy gatnaşyk tas 80% boldy – bu 1997-nji ýyldan bäri rekorddyr. Öňki iki Prezident saýlawlarynda ol 77%-den geçmändi.
Li 2022-nji ýylda hem prezidentlige dalaş etdi, ýöne 1%-den az tapawut bilen Ýun Suk Ýoldan ýeňildi.
18 ýylda ilkinji gezek saýlawlara zenanlar gatnaşmady. Gender deňligi 2022-nji ýyldaky saýlawlardan tapawutlylykda saýlawdan öňki kampaniýanyň esasy mowzuklarynyň hataryna girmedi.
Ygtyýarlylygy bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilmeýär, çünki Prezident wezipesi Ýun aýrylandan bäri boş dur. 


düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......