Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 26.04.2025 12:35
  • 9.3k+

21-nji aprelde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşurdy. Dabarada Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Dabaranyň dowamynda ilçi P.Durdyýew Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanyna, şeýle hem mongol halkyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Mongoliýanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi.
Dabaranyň ahyrynda ilçi P.Durdyýew bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhýniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda B.Batmunhiýn ilçini ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....