Mongoliýada Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi

  • 03.06.2025 11:09
  • 7.6k+

2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Mongoliýanyň Döwlet köşgüniň öňündäki Suhe-Bator meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Köşgüň eýwanynda Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ilki çäkli düzümde soňra bolsa, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde
 ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.


Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.


Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge, özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge taýýardyr.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady.
Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen, Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy, weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


düýn 22:55
249

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......