Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary maslahatlaşyldy

  • 19.09.2024 15:01
  • 4.6k+

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň ýurdumyzdaky ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......