Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidentini Mongoliýa gelmäge çagyrdy

  • 04.10.2023 09:32
  • 6.2k+

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa gelip görmäge çagyrdy. Bu barada ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belläp geçýär.

«Jenap Prezident, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin Sizi biziň ajaýyp ýurdumyzda kabul etmäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek we ösdürmek hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň täze taryhy sahypasyny açmak üçin Sizden özüňiz üçin amatly wagtda Mongoliýa gelmek baradaky çakylygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!» diýlip hatda aýdylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri öň 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda hem-de 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Çarlz III-ä täç geýdirmek dabarasy mahalynda duşuşypdy.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......