Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

  • 02.05.2025 13:11
  • 9.3k+

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanyna gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi diýip, TDH habar berýär.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boljak bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli halkara maslahatyň geçirilmegi bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ekiljek bag nahallarynyň, bezeg gülleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany täsin şypahana zolagynyň halkara maslahata gatnaşmaga geljek köp sanly daşary ýurt wekiliýetlerinde ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny nygtap, daş-töweregiň abadanlaşdyrylmagy, arassaçylyk işleri, ekiljek bag nahallarynyň, gülleriň bitewi sazlaşygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......