Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy

  • 03.04.2025 23:39
  • 6.6k+

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy diňe ykdysadyýet, energetika, tehnologiýa we ulag ulgamlarynda däl, eýsem, medeni we bilim ulgamlarynda-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk ykdysady we energetika üpjünçiligi boýunça möhüm meseleleri öz içine alýar. Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň öňe  sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen  maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen tehniki hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Ursula fon der Lýaýeni Aşgabatda şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......