Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

  • 04.02.2025 08:02
  • 7.3k+

3-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutany welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, daýhan birleşikleridir hojalyklary bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......