Serdar Berdimuhamedow sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

  • 24.12.2024 09:55
  • 8.9k+

23-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 17:39
877

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......