Serdar Berdimuhamedow baýramçylykda bazarlaryň bolelin üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

  • 03.12.2024 09:48
  • 16k+

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak hem-de bejermek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş we bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler dowam edýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmegi, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işlerini geçirmekde sarp edilen nebit önümleri üçin tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ähli ýerlerde Halkara Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda dekabr aýynda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


şu gün 15:24
3.4k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

şu gün 13:59
832

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

şu gün 10:49
784

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......

düýn 23:33
7.6k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......