Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymy we bugdaý ekişi boýunça tabşyryklary berdi

  • 15.10.2024 09:28
  • 8.1k+

14-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda wise-premýer we welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Döwlet Baştutany bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......