Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

  • 30.07.2024 11:04
  • 6.3k+

29-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimleriniň ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.
Soňra Serdar Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimlerini, şeýle hem käbir sebitleriň häkimleriniň orunbasarlaryny çalyşdy.

Iş maslahatynyň barşynda oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de wise-premýer T.Atahallyýewyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlar barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýere, degişli ýolbaşçylara hem-de welaýat häkimlerine ýüzlenip, pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegi, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.
Soňra Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany täze okuw ýylynyň hem ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp halkara maslahatyň geçiriljekdigini belläp, oňa gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede guramagy tabşyrdy


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......